«Medeni miras» gepleşigi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň
müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň alyp
barýan işleriniň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýinde «Medeni miras» gepleşiginiň täze sany ýazgy edildi. Ýazgy «Miras»
teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyby, «Miras» teleýaýlymynyň redaktory alyp bardy. Gepleşikde
muzeýiň esasy hünärmeni Maýa Babanyýazowa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň
merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň I-derejeli kitaphanaçysy Güljeren
Çarmanowa dagylar çykyş etdiler. Ýazgyda muzeýiň sergi işlerini has-da
kämilleşdirilşi hem-de halkyň muzeýlere bolan garaýşyny çuňlaşdyrmak, taryhy
gymmatlyklary wagyz etmek, muzeý bilen ýakyn gatnaşyk saklamaklaryny
gazanmaklygy, ýadygärlikler barada maglumatlar we gymmatlyklar bilen
baýlaşdyrylşy dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi.