Hytaý Halk Respublikasynyň myhmanlary

Biziň
ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar, hoşniýetli
hyzmatdaşlyk etmegiň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Hytaýdan Merkezi
Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen dünýä medeniýetiniň ösüşiniň hem-de
ilerlemeginiň şerti bolandygy hemmä mälimdir. Şol beýik ýüpek ýolunyň üsti
bilen halklarymyzyň arasynda medeni gatnaşyklar berkidildi. Bu asylly däp
häzirki günlerimizde-de dowam etdirilýär. «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak» ýylynyň iýun aýynyň 2-ne Hytaý Halk Respublikasynyň Milli
muzeýiniň wekilleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje
geldiler. Muzeýe gelen myhmanlarda muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ajaýyp
sungat eserleri uly täsir galdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244