Ylymlar güni mynasybetli «Dünýäniň açary – ylym» atly sergi
«Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak» şygary bilen dowam
edýän ýylymyzyň 12-nji iýunynda gözel ülkämizde Ylymlar güni uly
şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu baýramçylyk
mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýinde «Dünýäniň açary – ylym» atly sergi
guraldy. Sergide muzeý gymmatlyklarynyň üsti
bilen türkmen halkynyň
ylym-bilimi, taryhy, sungaty
hem Türkmenistanda alnyp
barylýan işler, nakgaş, heýkel hem-de
keramika eserleriniň üsti
bilen görkezildi. Alymlaryň
portretleri, arheologlaryň, fizikleriň
tejribe geçirýän pursatlary, olaryň durmuşa
geçiren işleriniň netijesinde
amala aşyrylan işler barada
eserleriň uly toplumy sergide ýerleşdirildi. Myhmanlar Türkmenistanyň halk
suratkeşi Yzzat Gylyjowyň «Fizikler», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri
Nyýazmyrat Dowodowyň «Professor Ö.Ödekowyň portreti», Tokar Tugurowyň «Olar
güni tabyn edýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün institutynyň
alymlary» ýaly nakgaş eserlerindäki reňkleriň üsti bilen sungat dünýäsine tomaşa etdiler. Bulardan
başga-da, sergide Muhammet Ýüzbaşow, Arslan Garaýew ýaly ussat heýkeltaraşlaryň
ýerine ýetiren baý many-mazmunly sungat eserleri hem sergilendi.
Dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, abadançylygyň
hem-de durnukly ösüşiň üpjün
edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilikli başlangyçlaryň
mümkinçilikleri çäksizdir. Häzirki döwürde ylmyň, bilimiň, milli
medeniýetimiziň gazananlaryny, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny dowam
etdirmäge giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!