«Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany»
2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher hem-de Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda brifing
duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Italiýa»
görnüşindäki birinji sammitina gatnaşmak üçin
Gazagystan Respublikasyna bolan
iş saparyna bagyşlanyldy. «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň
mekany» ady bilen geçirilen brifingi Türkmenistanyň Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat»
teleýaýlymynyň Medeniýet bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Guwanç
Çaryýarow alyp bardy. Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
başlygy Rüstem Mämmedow, Aşgabat
şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň bölüm müdiri Rejepmyrat Döwletow, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky
döwlet çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri Gülälek Garajaýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy Merjen Berdiýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň
mugallymy Gülsenem Hommadowa dagylar
çykyş etdiler. Olar ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen alyp barýan türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk
sözlerini beýan etdiler.