Çagalar bilen duşuşyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden taýdan berk we
ruhy taýdan baý, röwşen geljegimiz bolan ýaşlary kemala getirmek ata
Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport,
aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny
ösdürmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Döwletimiz mekdep
okuwçylarynyň okuw ýylyny tamamlap, tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we
peýdaly geçirmekleri üçin alada edýär. Ine, şu ýylyň iýun aýynyň başynda hem
ýurdumyzyň ähli çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky möwsüm badalga aldy.
«Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň
arasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň ajaýyp sungat
eserleri bilen çagalaryň arasynda duşuşyk geçirdiler. Muzeýimiziň hünärmenleri
çagalara sungat eserleri dogrusynda içgin gürrüň berdiler. Muzeý
gymmatlyklaryndan düzülen eserler çagalarda uly gyzyklanma döretdi.