Medeni miras gepleşigi
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz
aladalary netijesinde ýaş nesillerimizi watançylygyň beýik nusgalaryna –
türkmen halkynyň özboluşly ýol-ýörelgelerine, gaýtalanmajak milliliklerine,
ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine, wagyz-nesihatlaryna uly hormat goýýan we
durmuş ýollarynda özlerine şamçyrag edinýän, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, kämil
bilimli ýaşlary terbiýelemek, şeýle-de
asyrlardan aşyp, biziň şu günlerimize gelip ýeten milliligimizi gorap saklamak döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeni
miras gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
talyby Aýnabat Mämmetorazowa alyp bardy şeýle-de şol institutyň talyby Leýli
Aşyrowa, muzeýiň hünärmenleri Aýjemal Gatyýewa, Bägül Garlyýewa dagylar çykyş
etdiler. Milli medeni mirasymyzy çuň
we köptaraply öwrenmek hem-de onuň
ösüş ugurlaryny kesgitlemek möhüm ähmiýete eýedir. Mähriban Watanymyzyň
günsaýyn gülläp ösmegi bilen muzeý ulgamynda-da milli mirasymyzy saklamagyň,
ony ylmy esasda düýpli öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň häzirki zaman
mümkinçiliklerinden peýdalanyp, muzeý işiniň hünärmenleri gündelik alyp barýan
işlerine has-da jogapkärçilikli çemeleşýändikleri dogrusynda gepleşikde çykyş
edildi.