Şowhunly günleriň şatlygy

Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işleri
ministrligi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde
guramagynda Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» dynç alyş we sagaldyş merkezinde
dynç alýan çagalaryň arasynda
«Çagalaryň
bagtyýar durmuşy — parahatçylygyň we abadançylygyň aýdyň kepili» atly şygar
astynda
duşuşyk
geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan çagalaryň netijeli dynç almaklary, boş
wagtlaryny täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, muzeý
gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden
peýdalanylyp, çagalar muzeýe wirtual syýahat etdiler. Guralan sergide çagalygy,
beýik döwrümizi, tebigatymyzy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň waspyny
ýetirýän nakgaş, grafika, amaly-haşan sungat eserleri görkezildi. Çagalaryň
arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Şeýle-de
olar surat çekmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan hem-de
tapawutlanan çagalara
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi
tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.



«Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan alnyp barylýan işler
dogrusynda  söhbetli gürrüňdeşlik boldy. «Aşgabat»
teleýaýlymy tarapyndan «
tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244