Abadan Watanyň bagtyýar nesilleri

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç
alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň çägindäki çagalar dynç alyş we
sagaldyş merkezleri ýaş nesil üçin gapylaryny giňden açýar. Bu ýerde çagalaryň
hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilen.



Gyzgalaňly dowam edýän günlerde «Altyn
ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Çagalaryň bag­ty­ýar dur­mu­şy
we sazlaşyk­ly ösü­şi — Watanymyzyň abadançylygynyň kepili» atly şygar astynda  medeni köpçülikleýin we sport çäreleri geçirildi.
Salkyn saýaly Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalaryň arasynda şeýle çäreler ýygy-ýygydan
geçirilýär. Bu bolsa olaryň wagtynyň has-da şowhunly geçmegine ýardam berýär.



Muzeýiň hünärmenleri tarapyndan «Altyn
ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde guralan sergide ata
Watanymyzyň gözelliklerini, tebigatyny, şöhratly taryhymyzy, akyldar şahyrymyz
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyny çeper suratlandyrýan eserleri özünde
jemledi. Çagalara surat çekdirilip, şekillendiriş sungaty we muzeý
gymmatlyklary dogrusynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýine wirtual gezelenç etdiler.



Çagalar öz aralarynda küşt, şaşka,
ýüp çekmek ýaly sport oýunlary boýunça hem bäsleşdiler. Soňra ýaş nesillere
kitaby okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dynç alyş merkezinde
hereket edýän kitaphanada kitap okadyldy.



Gyzgalaňly geçen çärede hem-de
çekeleşikli geçen sport ýaryşynda tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan
ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.



 

Paýlaş

11/07/2025

Täsirli sergi

Gökderede ýerleşýän ýokary amatlyklary bolan dö

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244