«Sungat-parahatçylygyň ilçisi»

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň
ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, saýlap alan
hünärleriniň eýesi bolmaklary, döredijilik bilen giňden meşgullanmaklary
babatynda örän uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen
bir hatarda medeniýet ulgamynda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda
gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara
derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler
yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sungat-parahatçylygyň
ilçisi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy
tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň hünärmenleri Sonagül Karaşewa, Aýjemal
Gatyýewa dagylar gataşdylar. Ýurdumyzda muzeý işiniň kämilleşdirilmegi, muzeý
gaznahanalarynyň baýlaşdyrylmagy, halkymyzyň milli mirasyny ýaşlaryň çuňňur
öwrenmekleri hem-de ýaş hünärmenleriň iş başarjaňlygyny ýokarlandyrmak üçin giň
şertler döredilmegi biz ýaşlaryň işimize bolan höwesimizi has-da artdyrýar.

Paýlaş

08/09/2025

Söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244