«Bilim – ösüşleriň binýady»
Ýurdumyzda
durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň özeninde halkymyzyň bagtyýar
geljegi, ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi
baradaky beýik maksatlar durmuşa geçirilýär. Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilim
ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Täze mekdepler, ýokary okuw jaýlary,
döwrebap bilim merkezleri gurlup, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleri giňden
açylýar. Munuň özi döwletimiziň alyp barýan beýik syýasatynyň üstünlikleriniň
aýdyň beýanydyr.
Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni
mynasybetli guralan «Bilim – ösüşleriň binýady» atly sergi
ýurdumyzyň medeni durmuşynda aýratyn ähmiýetli çärä öwrülýär. Bu serginiň üsti
bilen şekillendiriş sungatynyň nusgawy eserleri arkaly bilim-terbiýäniň,
mugallyma bolan hormatyň, ýaşlaryň ylma we zähmete bolan söýgüsiniň beýany
görkezilýär. Şeýle
sergileriň geçirilmegini üpjün edýän, ýaş nesilleriň ylymda, döredijilikde we
sungatda belent sepgitlere ýetmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän
türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara beslensin!