«Medeni miras» gepleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda
hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi
ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil
şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz
tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
Her ýylyň 1-nji
sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde
«Bilim ösüşleriň binýady» atly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşik  «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip,
muzeýiň Mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa çykyş
etdi. Gepleşige gatnaşan myhmanlar
häzirki
döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde
ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen
halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny
özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň
geljekki ösüşiniň girewi bolup durýandygy dogrusynda belläp geçdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244