Söhbetdeşlik
Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň uzak
geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk
gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetinde eýeleýän abraýly
ornuny has-da beýgeltdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň
34 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk
görülýän günlerinde biziň Şekillendiriş sungaty muzeýimizde hem «Miras»
teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň
umumy bölüminiň müdiri Röwşen Maksatmyradow, sanly ulgamlar boýunça esasy
hünärmeni Täjinar Allanurowa, şeýle hem muzeýiň esasy hünärmenleri Aýjemal
Gatyýewa, Altynaý Esenowa dagylar gatnaşdylar. Gepleşige gatnaşanlar gepleşigiň
ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türmen halkymyzy Şanly
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.