«Brifing wagyz nesihat duşuşygy»
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanşmak» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň
34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Halk Maslahatynyň
many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Bitarap Türkmenistan
parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşyk geçirildi. Gepleşige
«Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy Guwanç
Çaryýarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Osman Aşyrow,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we
milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Türkmenistanyň
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Suraý Güljanowa
dagylar gatnaşdylar.