«Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at owazasyny äleme
ýaýdy, milletiň mertebesini parahatsöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana
ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň
salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar. Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýinde «Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty» atly sergi guraldy. Sergide
Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň “Güýz aýdymy”, Türkmenistanyň at
gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň “Meniň Watanym”, Gennadiý Babikowyň
“Aşgabat güýzi”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy” ýaly ajaýyp
eserler sergimizde öz mynasyp ornuny tapdy. Ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy
aýdyň geljege, belent sepgitlere alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Gahryman Arkadagymyzy,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň 34
ýyllyk toýy bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. 

Paýlaş

08/09/2025

Söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244