«Pederlerimize hormat»
Her ýylyň 6-njy
oktýabrynda Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýer titremesiniň
şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň
urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Şeýle pajygaly hadysalaryň bolmazlygyny
diläp, bütin türkmen halky ýagşy doga-dilegleri edýärler. Şol güne bagyşlanyp
biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem
“Pederlerimize hormat” atly sergi gurnaldy. Sergimizde Türkmenistanyň halk
suratkeşi Ýakup Annanurowyň “Gökdepe bosgunlary”, Ýarly Baýramowyň “Ajy habar”,
Annamämmet Hojanyýazowyň “Betbagtçylyk”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan
işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň “Dileg” hem-de ussat suratkeşlerimiz Hoşgeldi
Şahberdiýewiň “Tyldaky esgerler”, Kakamyrat Baýlyýewiň “Ýer titreme” ýaly
nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlarymyz Alekseý Şetininiň “Ýeňiş ady bilen at
we gylyç”, Muhammet Ýüzbaşewiň “Habar”, “Garaşmak” atly heýkel eserlerinde
öten-geçenleriň ýowuz günlerinden bir pursat şekillendirilipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
ýolbaşçylygynda jebisleşip gurýan we döredýän eziz halkymyz nesilden-nesle
geçip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýulýar. Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny
görkezen gahrymanlaryň, tebigy betbagtçylyk zerarly öý öwzaryny ýitiren hem-de
ejir çeken, emma ýowuz synaglara döz gelip, diri galan hem-de öz merjen
şäherimizi gaýtadan dikelden gahrymanlarymyzyň öňünde baş egýäris!