«Türkmenistan-sagdynlygyň mekany»

Adam üçin tapylgysyz baýlyk bolan saglygy goramak bu
günki gün eli şypaly lukmanlarymyzyň paýyna düşýär.
Her
ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumuzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem baýramçylyk 
mynasybetli  “Türkmenistan-
sagdynlygyň mekany” atly sergi guraldy. Sergimizde Türkmenitanyň halk suratkeşi
Ýakup Annanurowyň “Enelik”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri
Nyýazmyrat Dowodowyň  “Oba
hassahanasynda”, “Şepagat uýasy” bulardan başga-da ussat suratkeşlerimiz Tamara
Kiselýowanyň “Samba boýunça dünýa çempiony Geldibaýewa Jennet”, “Döwlet senasy
”, Annageldi Kuliýewiň “Tebib”  ýaly
birnäçe nakgaş eserleri sergimizde uly orun aldy. Tamara Kisilýowanyň “Döwlet
senasy” atly eserinde ýurdumyzda 2017-nji ýylda bolup geçen Aziýa oýunlarynda
baýrakly orun alan Gülbadam Babamyradowanyň altyn medaly boynuna dakyp Döwlet
senasyny ýerine ýetirip duran pursadyny görmek bolýar. Halkynyň saglygyny ähli
işden öňde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag belent başlary aman bolsun. Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkyny Türkmenistanyň
saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni  bilen tüýs ýurekden gutlaýarys!                                                                 

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244