Maksatmyrat we Dilaram Hojainowlaryň şahsy döredijilik sergisi
Hormatly Prezidentimiziň
“Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr” diýen bu pähim-paýhasly sözleri
häzirki döwürde türkmen sungatynyň ösüş ýolunyň, döredijilikli ýaşlaryň ruhy
hem-de medeni kämilleşmegiň baş ýörelgesine öwrüldi. Şu jähtden ugur alyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary heýkeltaraş
Maksatmyrat Hojainow we nakgaşçy, grafikaçy Dilaram Hojainowanyň şahsy döredijilik sergisi guraldy. Bu
sergi dürli ugurlarda ýerine ýetirlip, ýaş zehinleriň döredijilik gözlegleri
sungatyň bitewi sazlaşygyny, onuň türkmen sungat mekdebiniň täze ýüzüni açyp
görkezýär. Maksatmyrat Hojainow döredijilik işi bilen birlikde halypa
şägirtlik ýoluny hem alyp barýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň
mugallymy bolup zähmet çekýär we ýaş sungat döredijileri ýetişdirýär. Dilaram
Hojainowa bolsa öz eserlerinde ýyly reňk palitrasyny ulanyp, durmuşyň ýylylygy,
ynsan duýgularyň ýakynlygy, döredijilik duýgularynyň joşgunlygy beýan edýär.
Sungatymyzyň ösdürilmeginde, ýaş
suratkeşleriň döredijilik ýoluny açmaklarynda, uly goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz
minnetdarlygymyzy bildirýäris.