MUZEÝ IŞINDE HALKARA HYZMATDAŞLYGY ILERLEDIP
Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarda halklary
birek-birege ýakynlaş-
dyrmakda, dostlukly gatnaşyklary berkitmekde medeni
diplomatiýa mö-
hüm orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döw-
ründe oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp,
halkymyzyň gadymdan
gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik,
ynsanperwerlik däplerine
eýerilip, parahatçylyk medeniýeti dabaralandyrylýar.
Halkymyzyň
taryhy medeni gymmatlyklarynyň ojagy bolan muzeýlerde hem möhüm işler durmuşa
geçirilýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýinde hem medeniýet hepdelikleriniň, ylmy amaly maslahatlaryň, sergileriň,
şeýlede döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilip durulmagy dostlukly ýurtlaryň
medeniýetini we sungatyny hasda içgin öwrenmäge, türkmen jemgyýetiniň dünýä
halklarynyň maddy we ruhy baýlyklary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik
döredýär. Mysal üçin, muzeýde Ýaponiýanyň ilçihanasynyň guramagynda häzirki
zaman ýapon suratkeşleriniň ýakisime usulynda ýerine ýetiren, syrçalanmadyk
külal önümleriniň sergisi guralyp, onda eserleriň 100 e golaýy «Ýakisimeniň
dogluşy», «Çaý içişlik we ýakisime», «Ýapon aşhanasy we ýakisime», «Ýakisimeniň
sungat eserleri» diýen bölümlerde ýerleşdirildi. Şeýlede «Men suşini gowy
görýärin» atly sergide ýapon halkynyň özboluşly milli tagamynyň gelip çykyşy, taýýarlanylyşy
we aýratynlyklary barada tanyşdyryldy. Suşi tagamynyň taýýarlanylyşy,
görnüşleri giň köpçülige görkezildi. Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran
Yslam Respublikasynyň sergileri hem dowamly guralyp, olaryň hatarynda dostlukly
goňşy ýurduň halk döredijiliginiň, senetçiliginiň sergisini hemde milli
tagamlarynyň festiwalyny görkezmek bolar. Onuň dowamynda Eýranyň häzirki zaman
suratkeşleriniň şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, neşir önümleri,
halkyň milli lybaslary we aşhanasy görkezildi. Aýratynda, Türkmenistan bilen
Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda guralan
sergidir ussatlyk sapaklary, «Nakgaşlyk we onuň jemgyýeti goramakdaky tutýan
orny» atly döredijilik maslahaty bellärliklidir. Hytaý atşynaslyk medeniýetine
we «Dehua» atly ak farfor sungatyna bagyşlanan sergide iki dostlukly ýurduň
halklarynyň medeni gymmatlyklary, sungaty bilen tanyşdyryldy. Hytaý Halk
Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň muzeýiniň direktorynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda muzeýleriň arasynda
tejribe alyşmagyň zerurdygyna üns çekilip, özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp
dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň, milli
medeniýetiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet bermek bilen, medeni diplomatiýa
döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dostlukly döwletlere amala aşyrýan saparlary
munuň aýdyň mysalydyr. Bu taryhy saparlaryň çäklerinde medeniýetleriň özara
baýlaşmagyna, ynsanperwer gatnaşyklaryň hasda giňeldilmegine, şol sanda muzeý
işinde gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen iki taraplaýyn resminamalara gol çekilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025 nji ýylyň 31 nji awgusty —
3 nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde
gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hem bolmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Ähtnamada muzeý işi boýunça hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmaga giň
mümkinçilikleri döretmek, şeýlede sergi işlerini amala aşyrmak, muzeý
ýygyndysyny dolandyrmak hem gorap saklamak, akademiki gözlegler, jemgyýetçilik
bilimi, muzeý dolanyşygy we sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribäni
alyşmak; iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen bilelikde
sergileri guramak; muzeý ýygyndysynyň barlaglary we beýleki ugurlarda akademiki
kitaplary neşir etmek hemde awtorlyk hukugyny gorap, beýleki tarap bilen
baglanyşykly bolup biljek neşirleri (şol sanda onlaýn çeşmeleri) we beýleki
akademiki maglumatlary alyşmak boýunça hyzmat daşlyk etmek barada ylalaşyldy.
Ýeri gelende aýtsak, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Gündogar halklarynyň
sungatyna degişli muzeý toplumynda Hytaý Halk Respublikasynyň şekillendiriş we
amaly haşam eserleriniň sungaty bölümi bolup, onda hytaý halkynyň gadymy
taryhyny, sebitiň baý medeni däp dessurlaryny açyp görkezýän köp sanly
gymmatlyklar jemlenendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 24 25 nji oktýabrynda
Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde Rim şäherinde
«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş
dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň muzeý hünärmenlerini hasda buýsandyrdy. Alty
aýlap dowam etjek bu arheologik sergide gadymy Margianada we Parfiýada
geçirilen gazuw agtaryş işlerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar görkezilýär.
Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň arheologik
eksponatlarynyň hem ýerleşdirilendigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär. Şeýlede
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty
muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekildi. Onda iki ýurduň muzeýlerinde geçirilýän halkara
medeni çärelere, sergilere, ylmy maslahatlara hünärmenleriň gatnaşmaklaryny üpjün
etmegi; muzeý işi babatda bilermenleri, maglumat gollanmalaryny, ylmy
maslahatlar hemde seminarlar baradaky maglumatlary alyşmak arkaly muzeýleriň
arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagy; nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly
haşam sungaty, keramika eserleriniň sergileriniň guralmagyny goldamak;
muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklary çeper dikeltmekde we rejelemekde hemde iki
muzeýiň hünärmenleriniň tejribe alyşmaklary üçin duşuşyklarydyr ussatlyk
sapaklaryny guramakda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy. Munuň özi
ýurdumyzyň muzeý ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygyň hasda ösdürilmegine ýardam eder. Medeni diplomatiýany yzygiderli
ilerledip, dünýäde parahatçylygy, dost doganlygy ündeýän Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary
aman, döwletli işleri mundan beýläkde rowaç bolsun!
Ismail ORAZOW,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory.