Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergisi

Berkarar döwletiň beýik ösüşleriniň bady bilen öňe barýan türkmen halky ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly şekillendiriş sungaty muzeýinde dürli baýramçylyk
çäreleri bilen bir hatarda sungat işgärleriniň şahsy sergileri, medeni çäreler
yzygiderli geçirilip, türkmen sungat ussatlarynyň döredijilikleriniň üsti bilen
halk köpçüligine ýetirilip, täze taryhy eýýamyň ykbal özgerdiji wakalarynyň şaýady bolýar.



Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman
Amangeldiýewiň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergi gurnaldy. Aman aga çeken
eserleriniň içinde birnäçe Watan gahrymanlarynyň, şeýle hem sungatda,
medeniýetde yz goýan ägirtleriň keşplerini örän ussatlyk bilen ýerine
ýetiripdir. Aman Amangeldiýew 1930-njy ýylda Balkan welaýatynyň Garrygala
etrabynyň  Güwlem obasynda dünýä inýär.
Ol 1945-1950-nji ýyllarda Türkmen döwlet çeperçilik mekdebinde okaýar, soňra
bolsa Igor Iwanowiçiň ussahanasynda bilim alýar. 1951-1957-nji ýyllarda Moskwanyň
W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynda bilim alyp, şol ýerde  D.K.Moçalskiniň ussahanasynda tälim alýar.
1950-1953-nji ýyllardan bäri döwlet we bütindünýä  sergilerine gatnaşyp gelýär. Olardan
Fransiýa, Kanada, Rumyniýa, Bolgariýa we başga-da birnäçe döwletler bolup, Aman
Amangeldiýew 1960-njy ýylda suratkeşler birleşiginiň agzasy bolýar.



Ussat
şahsyýetlerimize goýulýan hormat sarpanyň belentligini täze röwşene eýe eden
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, ömürleri uzak, umumadamzat  bähbitli  işleri hemişe 
rowaçlyklara beslensin!



 

Paýlaş

13/11/2025

Gepleşik

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Miras: teleý

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244