«Edepli zenanyň päkligi»
Gahryman
Arkadagymyzyň “Enä tagzym-Mukaddeslige tagzym” kitabynyň 1-nji bölümi, ýagny
“Sözden başlanýan ägirtlik” ady bilen berilýär. Dogrudan-da, adyndan belli
bolşy ýaly, ähli ägirt uly zatlar eneden başlanýar.Türkmenistanyň Şekillendiriş
sungaty muzeýinde ene-mamalarymyzdan miras galan milliligimizi, Ogulabat käbämiziň
nepis amaly-haşam sungatyny, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala
mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi Geňeşi tarapyndan “Edepli zenanyň päkligi” ady bilen wagyz-nesihat
çäresi geçirildi. Ony “Altyn asyr” teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy
we taýýarlaýjysy Aýgül Garryýewa alyp bardy. Gepleşige Türkmenistanyň Döwlet
medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy
Bibigözel Mämmedowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Sona
Islamowa, “Adalat” gazetiniň uly habarçysy Oguljeren Käbäýewa, Myrat Garryýew
adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Şemşat
Wekilowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gaznalary
goraýjysy Mähri Atdaýewa dagylar gatnaşdylar. Gepleşige gatnaşanlar şular ýaly
ajaýyp çäreleri geçirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar!