“Parahatçylyk we ynanyşmak – Bitaraplygyň binýady”
Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk türkmen halkynyň, dünýä bileleşiginiň
ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýar. Döwletleriň we halklaryň arasynda
parahatçylygy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Bitaraplygymyzyň
şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Parahatçylyk we ynanyşmak
– Bitaraplygyň binýady” hem-de “Dünýä dursun parahat!” atly bäsleşikleriň
jemlerini jemlek dabarasy geçirildi. Dabaramyza yurdumuzyň sungat işgärleri,
döredijilik işgärleri şeýle-de talyp ýaşlar özleriniň ajaýyp eserleri bilen
gatnaşdylar. Biziň Şekillendiriş sungaty muzeýimizde şular ýaly dabaralar
yzygiderli geçirilip durýar. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllyk baýramy bilen Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bütin türkmen halkymyzy gutlaýarys!