«Parahatçylyk we ynanyşmak-Bitaraplygyň binýady»
Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyz dünýäniň ýurtlaryna, dünýäniň halklaryna uly münberden
ýüzlenip, taryhy söz sözlände, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik
Bitaraplygyny buýsanç bilen belleýär. 2025-nji Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy uludan baýram
edilýär. Geçen bu 30 ýylyň dowamynda Türkmen Bitaraplygy sebitde parahatçylygy
we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp
şertine öwrüldi.
Bitaraplyk syýasaty,
Türkmenistanyň içerki ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi
we halkyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy, Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan
syýasatyň netijeleridir. Şeýle hem pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň
we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň,
milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär hem-de medeni
diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Teatrlar,
muzeýler, kitaphanalar, medeniýet öýleri türkmen medeniýetiniň we sungatynyň
gülläp ösýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Sungat ojagymyz bolan
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30
ýyllyk toýy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak-Bitaraplygyň binýady” atly
sergi gurnaldy. Her bir eser Türkmenistanyň Bitaraplygyny, dünýä
döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşygyny, asudalygy we parahatçylygy, türkmen
halkynyň medeniýetini wasp edip, tomaşaçylarda Watana bolan söýgi, buýsanç ýaly
duýgulary oýaryp, öz oňyn täsirini galdyrýar.
Hemişelik Bitaraplyk
türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň
aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Indi her ýylyň 12-nji dekabry
ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni toý-dabara bilen uludan bellenilýär. Bu
biziň halkymyz, döwletimiz üçin Bitaraplygyň bahasyna ýetip bolmajak mukaddes
gymmatlygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy,
ähli türkmen halkymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bilen
tüýs ýüregimizden gutlaýarys.