Döwletli Diýarymyzyň her daban ýerine gözüniň göreji deý garaýan we goraýan esgerlerimiziň, serkerdelerimiziň abraý-mertebesini belende göterip, olaryň alyp barýan mukaddes işlerini hormatlap, her ýylyň 27-nji ýanwary Watan goragçylarynyň güni diýlip yglan edildi. Ynha şu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Watan goragçylarymyz myhmançylyga geldiler. Myhmanlar ilki bilen muzeýe aýlanyp şekillendiriş sungat eserlerini synladylar. Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarymyz hakdaky aladasy we harby ussatlygygörkezýän şahsy göreldesi, uly nusga bolup durýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri aýratyn-da Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyz baky Bitarap Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýäde asudalygy, parahatçylygy bilen dos-doganlyk gapysyny giňden açyp, her bir toý baýramy uludan toýlaýar. Watan mukaddesligi, Watana söýgüniň çuňlugy, Watan mertebesiniň belentligi ýaly düşünjeler edermen hem mert pederlerimiz tarapyndan goralyp we sarpalanyp biziň günlerimize çenli özüniň kämilligidir päkligi bilen gelip ýeten ruhy gymmatlyklardyr.