Wagyz-nesihat duşuşygy

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleriň arasynda durmuş kadalaryny
ýaýbaňlandyrmak maksady bilen muzeýiniň konfirensiýa zalynda wagyz-nesihat
çäresi geçirildi. Çärämize Türkmenistanyň içeri işleri ministirliginiň 4-nji
müdirliginiň wekili, polisiýaň maýory Batyr Berkeliýew hem-de Türkmenistanyň
Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi,
polisiýanyň uly leýtenanty Abraý Ýusupow gatnaşdylar. Olar özleriniň
çykyşlarynda Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýol hereketi üçin döredilýän
amatlyklary, köçe-ýol hereketiniň kadalary, düzgünleri
kadalaşdyryjy-hukuknamalary barada söz sözläp, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi
alyp barmagyň edep kadalarynyň we tertip düzgüniniň doly hem-de dogry berjaý
edilmelidigi barada hem giňişleýin çykyş etdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň
ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň
sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar
bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244