«Watan goragy mukaddesdir» atly sergi
Güneşli
Diýarymyzda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde “Garaşsyz Baky
Bitarap Türkmenistan - Bedew Batly At – Myradyň Mekany “ ýylynda halkymyz toý
baýramlaryny uludan belleýär. Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Watan goragçylarynyň
güni mynasybetli “Watan goragy mukaddesdir” atly sergi gurnaldy. Sergi muzeý gaznasyndaky tanymal suratkeşlerimiziň dürli ýyllarda döreden nakgaş,
heýkel eserlerinden düzüldi. Türkmenistanyň halk
suratkeşi Gulnazar Begmyradowyň “Eje, biz ýeňiş bilen gaýdyp geldik”,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gennadiý Babikowyň “Garry yzçy”, Nikolaý Çerwýakow “Serhetçi N.Alakiniň
portreti”, Çary Öwwäýewiň “Hiçkim ýatdan çykanok - Hiç zat unudulanok”, Wera
Gyllyýewanyň “Ýeňiş”, Walentin Kudrýaşowyň “El kömegi” ýaly eserlerini
synlanyňda geçmiş-taryhymyzda Watançylygyň, gahrymançylygyň, batyrlygyň, Watany
söýmegiň aýdyň nusgasyny görmek bolýar. Şeýle-de, sergide nakgaş eserleri bilen
birlikde Alekseý Şetininiň, Muhammet Ýüzbaşewiň, Meretdurdy Öwezowyň, Gülara
Babaýewanyň heýkel we keramika eserleri hem ýerleşdirildi.
Watansöýüji pederlerimiziň söýgüsi,
mähri siňen toprak - biziň üçin mukaddesdir! Watany goramak, oňa ähli yhlasyňy,
gujur-gaýratyňy bagyş etmek uly bagtdyr. Watanyň goragy bolsa mukaddesliň
goragydyr. Bagtyýar şu günümiz, döwletli – döwranly, röwşen ertirimiz üçin
taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy,
ýurdumyzyň esgerlerini we serkerdelerini Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
gutlaýarys. Olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary dowamat –
dowam bolsun!