Bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2026-njy ýylyň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip
atlandyrylmagy mynasybetli teleýazgy guraldy. Gepleşikde çykyş edenler gözellikde deňi-taýy bolmadyk bedew
atlarymyzyň at-abraýynyň dünýä derejesinde arşa galýandygy we ýurdumyzda her
bir gazanylýan üstünlikleriň bedew badyna deňelýändigi barada söhbet edildi.
Gepleşige muzeýmiziň hünärmenleri, muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş saklaýyş
bolüminiň baş gazna saklaýjysy Atdaýewa Mähri, mahabatlandyryş neşir edijilik
bölüminiň hünärmeni Karaşewa Sonagül, medeni aň bilim bölüminiň esasy hünärmeni
Ataýewa Aýgözel dagylar gatnaşdylar. Gepleşigi
«Miras» hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edildi.
Gepleşigiň ahyrynda halkymyzyň medeniýetini we sungatyny arşa göterýän
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş
sözleri beýan edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244