Wagyz-nesihat çäresi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiňMerkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana
şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bilelikde “Bedew
batly, şan-şöhratly Watanym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede
çykyş edenler 2026-njy ýylyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly
at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem şu maksatlardan ugur alyp,
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunda giňden belleniljek ýylynda ata
Watanymyzyň depginli ösüşlerini, nurana geljegini, ynamly gadamlaryny
alamatlandyrýan buýsançly şygardyr, behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz
Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr diýip bellediler.