«Gözelligi dünýä nusga bedewler»
Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen
aýrylmaz baglydyr. Bu bedewleriň kämilligi, adamlaryň ýakyn syrdaşy
hasaplanylmagy türkmenleriň zehinli halkdygyna şaýatlyk edýär. Çünki şöhratly
atşynaslar, zehinli seýisler ähli güýjüni, zehinini, kalbyny asylly işe bagyş
edip, bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny, adamlar bilen utgaşykly ösüşini
kemala getirmegi başarypdyrlar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan
türkmen bedewleri bilen baglanşykly sorag-jogap görnüşinde gepleşik ýazgysy
geçirildi. Ýazgyda muzeýiň Mahabatlandyryş neşir-edijilik bölüminiň bölüm
müdiri Aýgül Bekmiýewa halkymyzyň milli sungatyny baýlaşdyrýan ajaýyplyklaryň
arasynda ady äleme dolup, şöhraty dünýä ýaýran mirasymyz bolan atşynaslyk
sungatymyz dogrusynda çykyş etdi.