«Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň baýlygy»
Türkmen halky asyrlar boýy öz gadymy taryhyny, medeni we milli
gymmatlyklaryny, urp-adatlaryny aýap saklap, olaryň durmuşdaky tutýan ornuny,
ähmiýetini kesgitläp gelipdirler. Ýurdumyzyň dünýä derejesinde gurlan ajaýyp
muzeýlerinde jemlenip ýygnalan, aýawly saklanýan, ylmy taýdan öwrenilýän hem-de
halka ýetirilýän muzeý gymmatlyklary munuň janly şaýadydyr. «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ynha şu gün hem ýokary
okuw jaýlarynyň bir bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýine talyp ýaşlar, mugallymlar bilen muzeý
gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaga geldiler. Myhmanlarymyza muzeýimiziň
hünarmeni Güljeren Atabaýewa gyzykly gürrüňler berdi. Gezelenjiň
çäklerinde «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.