Barlag infrastrukturasy we tehniki sessiýalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda muzeý gaznalarynyň
gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda görkezilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň
taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak we  öwrenmek işlerini giňden wagyz etmek
meselelerine möhüm ähmiýet berýändikleriniň aýdyň netijesidir. Ynha, şu
günlerde dowam etdirilýän Stambul şäherindäki «Dikeldiş we gorap saklaýyş
barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynda» türki döwletleriň mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde «Barlag infrastrukturasy we tehniki
sessiýalar» barada professorlar öz işlerini dowam etdirýärler. Köp ýyllaryň
dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde taryhy ýadygärliklerden
tapylan gyzykly açyşlar edildi. Arheologlar bu ýerde taryhy tapyndylary  rejeläp, olaryň durkuny dikeltmek ýaly köp sanly işleri alyp barýarlar. Şeýle işleriň baş maksady dünýäniň taryhyny,
medeni-mirasyny, ýadygärlikleri hem-de arheologiki tapyndylary öwrenmekden,
gorap saklamakdan we dikeltmekden ybaratdyr.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244