Halkara üstünligiň şanyna guralan maslahat
Her bir güni toý-baýramlara beslenip gelen «Garaşsyz
baky bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz şa serpaýy
bilen dünýä dolýar. Medeniýetimiziň dünýä derejesinde dabaralanýan Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen kino sungatynyň halkara
abraýy barha artýar. 2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara
şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirildi.
Türkmen kino sungatynyň tanyşdyryş günleri Türkmenistanyň Türkiýe
Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen
bilelikde guraldy. Film görkezilişinde «Kompozitor» atly çeper filminiň hormatly sylaga mynasyp bolmagy mynasybetli «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat
eserlerinden düzülen göçme sergisi guraldy. Sergide esasan hem türkmen kino
sungatynyň taryhynda özleriniň mynasyp ornuny tapan ussat kompozitorlaryň,
kinorežissýorlaryň portret eserleri sergilendi. Sergide Alty Garlyýewiň, Sabyr
Ataýewanyň, Bazar Amanowyň, Muhammet Çerkezowyň hem-de Annagül Annagulyýewa ýaly türkmen
kino ussatlarynyň çeper keşpleri beýan edilen sungat eserleri mynasyp orun aldy.