Şekillendiriş sungatynda zenan waspy atly sergi
Bahar pasly — tebigatyň täzelenýän, gülleriň müşk ysynyň burk urýan döwrüdir. Maşgalanyň
sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Türkmen suratkeşleri öz
eserlerinde gelin-gyzlaryň keşbini diňe bir daşky gözellik däl, eýsem mährem ene, wepaly ýoldaş we
zähmetkeş zenan hökmünde uly ussatlyk bilen wasp edýärler.
Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde 8-nji mart Halkara zenanlar güni uly dabara
şatlyk-şowhun bilen bellenilýän günlerinde sungat ojagy bolan Türkmenistanyň
Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly serginiň açylyş dabarasy uly
baýramçylyga öwrüldi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden
myhmanlar, medeniýet-sungat işgärleri, köçülikleýin habar beriş serişleriniň
wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk sergimizde muzeýiň gaznasynda saklanylýan
ussat halypalaryň eserleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de erkin suratkeşleriň
nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserleri, keramika, haly, gobelen we zergärçilik önümlerine
tomaşa etdiler. Sergidäki şekillendiriş we amaly-haşam sungatlarynyň naýbaşylary üsti
bilen türkmen zenanynyň mähir-muhabbetini, ruhy dünýäsiniň baýlygyny açyp görkezýär. Zenanlardan ylham alyp döredilen sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr. Sergimiz mart aýynyň 8-ne çenli dowam eder.