Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanyp açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisine köp çagaly eneler, önümçiligiň öňdebarjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary myhmançylyga geldiler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçýän zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan sergi aýratyn many-mazmuna eýedir. Baý milli mirasymyzy aýawly gorap saklamakda we geljekki nesillerimize ýetirmekde türkmen zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr. Zenanlarymyz biziň gazanýan ähli üstünliklerimize, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.