TARYHY GYMMATLYKLARYMYZ KAPITOLIÝ MUZEÝINDE

Italiýanyň Rim şäheriniň meşhur Kapitoliý muzeýinde açylan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda öz işini üstünlikli dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň oktýabrynda açylan bu sergi türkmen we italýan arheologlarynyň köýyllaryň dowamyndaky bilelikdäki zähmetiniň netijesini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda uly ähmiýete eýedir.
        Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Şunda medeni gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär. Bu ugurda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler gatnaşyklary ilerletmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär. Arheologiýa ylmynda alnyp barylýan bilelikdäki tagallalar hem munuň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda başlanan bu gatnaşyklar häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde gadymy medeni gymmatlyklaryň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Ençeme ýyllardan bäri Karlo Lippolis, Barbara Çerazetti ýaly görnükli italýan alymlary türkmen kärdeşleri bilen ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinde gazuw agtaryş işlerini alyp barýarlar. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen olaryň ähmeti mynasyp bahalandyrylyp, ýurdumyzda birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Medeni gymmatlyklarymyzyň Rimdäki sergisi iki halkyň arasyndaky özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostana gatnaşyklaryň we medeni alyşmalaryň ýokary derejesiniň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň çäginde bu serginiň açylmagy türkmen medeniýetiniň dünýä derejesindäki ornuny has-da berkitdi. Şeýle hem serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bellärliklidir. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir taryhy gymmatlyklary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, olary gorap saklamakda we geljek nesillere ýetirmekde hem örän netijelidir. Serginiň esasyny düzýän gymmatlyklaryň aglabasy Nusaý we Marguş taryhy ýadygärlikleriniň tapyndylarydyr. Parfiýa patyşalygynyň meşhur paýtagty bolan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Nusaýdan tapylan ritonlar, mermer heýkeller we beýleki tapyndylar Parfiýa medeniýetiniň antik dünýä bilen nähili baglanyşykda bolandygyny görkezýär. Nusaýyň arheologik tapyndylary özüniň nepisligi we ýasalyş aýratynlygy bilen göreni haýran galdyrýar.
      Murgap oazisinde ýerleşýän Marguş siwilizasiýasy dünýäniň bäşinji gadymy medeni ojagy hasaplanýar. Sergide ýerleşdirilen Togalakdepeden tapylan tapyndylar biziň eýýamymyzdan öňki döwürlere degişli bolup, olar irki ekerançylyk we hünärmentçilik medeniýetiniň ýokary derejesini subut edýär. Bu gymmatlyklar Marguşuň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň taryhynda möhüm orun eýeländigini ýene bir ýola tassyklady.
         «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —bedew batly at myradyň mekany» ýylymyzyň aprel aýyna çenli dowam
etjek bu sergi diňe bir taryhy tapyndylaryň özboluşly jemlenmesi bolman, eýsem, parahatçylygy, dost doganlygy berkidýän medeni diplomatiýanyň hem dabaralanmasydyr. Türkmen medeniýetini we şöhratly taryhyny dünýä tanatmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
                                                                                                                                                                    Kakajan HANOW,
                                                                        Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244