Nowruz ýaýlasynda göçme sergi
Däp bolşy ýaly, bagtyýar türkmen halky bu ýyl hem Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi Ahal welaýatyndaky Nowruz ýaýlasynda uly ruhubelentlikde belläp geçdi. Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň göçme sergisini gurady. Sergide halypa we ýaş suratkeşlerimiziň ajaýyp tebigaty wasp edýän eserleri çärä gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp bahar günlerinde Milli bahar baýramynyň —Halkara Nowruz gününiň Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan dabaralary ulus ilimiziň bagtyýarlygynyň, jebisliginiň, agzybirliginiň dabaralanmasyna, öwrüldi.