Döredijilik bäsleşigi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda "Garaşsyz, baky Bitarap – Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türmenistanyň Şekillendirş sungaty muzeýinde talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän goşgy we kyssa eserleriniň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşigiň dowamy aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Bäsleşikde ýer alan talyp ýaşlara sowgatlar gowşuruldy.