Brifing duşuşyk
Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistan Döwletimiziň ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň hem-de türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «YUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni we bütindünýä gymmatlyklarymyz» atly brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky, Dil edebiýat we milli gol ýazmalar institutynyň Ylmy işgäri Maksat Meredow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, «Parahatçylyk dilleri» atly Ýunesko klubynyň işjeň agzasy Aýgül Gurbanowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri Güljeren Atabaýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň aspiranty, «Dermanlyk ösümliklerimiz-saglygymyz, mirasymyz» atly Ýunesko klubynyň başlygy Merjen Berdiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça esasy hünärmeni Selbi Atajanowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şyhdurdy Şyhyýew dagylar gatnaşdylar. Brifing duşuşygy «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Guwanç Çaryýarow alyp bardy. Olar YUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar dogrusynda söhbetdeş boldular.