Ýaş nesilleriň muzeýe gezelenji
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine milli mirasymyzy, muzeý gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmäge Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen rus mekdebiniň okuwçylary gezelenje geldiler. Muzeýimiziň hünärmenleri okuwçylary düşündirişli gezelenji gurnadylar. Olaryň barşynda okuwçylar muzeý hünärmenlerine sungat eserleri barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Biz muzeý hünärmenlerine milli mirasymyzy gorap saklamakda ony ýaş nesillerimize ýetirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!