«Kämilligiň gözbaşlary»

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde «Kämilligiň gözbaşlary» atly tekelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň  Uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Atabaýewa Güljeren, şeýle hem Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda ýaş nesillerimizi milli däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň üsti bilen edep-terbiýe bermek, sagdyn durmuş ýörelgeleri giňden wagyz etmek barada çykyşlar edildi. Çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. Bu söhbetdeşlik «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

14/05/2026

Hasabat sergisi

Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi Aşgabat şäheriniň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244