«Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly sergisi
2026-njy ýylyň 4–7-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäginde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň we Azerbaýjan Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, myhmanlar gatnaşdylar. Sergide Azerbaýjan Milli Haly Muzeýiniň ýygyndysyndan XIX asyrdan häzirki döwre çenli taryhy döwri öz içine alýan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, baş gaplar hem-de dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezildi.
Sergide halylar bilen birlikde gündelik durmuşda giňden ulanylýan horjun we çuwal ýaly önümler hem görkezildi. Bu eserleriň bezegine öwrülen gaýtalanýan nagyşlar öz many-mazmuny we reňk taýdan baýlygy bilen tapawutlanýar. Misden kakma we oýma usully bilen ýerine ýetirilen şerbet gaplary, hammam sandyklary, serpuş, satyl ýaly metal önümleri pähim-paýhasly sözler, kalligrafik ýazgylar bilen bezelipdir. Şeýle-de serginiň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň milli egin-eşikleriniň tanyşdyryş dabarasy hem boldy. Onda ýurduň milli egin-eşikleriniň döwrebap nusgalarynda taýýarlanan görnüşleri sergä gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak duýdulary galdyrdy.