“Milli medeniýet - öçmejek sungat” atly söhbetdeşlik

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Milli medeniýet - öçmejek sungat” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri Gylyçtaganowa Aýjan, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gaznalary goraýjysy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Atdaýewa Mähri, muzeýiň Muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş saklaýyş bölüminň esasy hünärmeni Babanyýazowa Maýa dagylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki wagtda bagtyýar zamanamyzda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenip, medeniýet we sungat ulgamynda, aýdym-saz, teatr, kino, muzeý we kitaphana işlerinde, şeýle hem milli mirasymyzy dikeltmekde we dünýä ýaýmakda medeniýet işgärleriniň yhlasly zähmeti barada nygtadylar. Söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, Yhlas Nuryýew alyp bardy.

Paýlaş

19/06/2026

Brifing duşuşygy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň tä

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244