«Ýaşlyk joşgunynyň we bagtyýarlygyň mekany — Arkadag şäheri» atly aýdym-sazly brifing
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli «Ýaşlyk joşgunynyň we bagtyýarlygyň mekany — Arkadag şäheri» atly aýdym-sazly brifingi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Ýakup Atabaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Döwletgeldi Durdymuhammedow, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň lukmany Aýgözel Gylyjowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşiginiň ýeňijisi Gülşat Meredowa, «Arkadag şäher energo» önümçilik birleşiginiň hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kuwwatgeldi Çaryýew, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, akademiýanyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi Söýenç Ahmedow dagylar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Geçirilen çäräniň dowamynda talyp ýaşlar oňa gatnaşan myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallary berdiler. Brifinge gatnaşan myhmanlar hem öz gezeginde berlen sowallar boýunça täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.