Brifing duşuşygy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň 3 ýyllygy mynasybetli “Gahryman Arkadagymyz mähir-yhlasdan kemala gelen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly bilen bedew batly gadam urýan Arkadag şäheri-täze eýýamyň beýik eseri we ýaşlaryň bagtyýar geljegi” atly brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Hezretguly Bäşimow, Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň umumy onkologiýa bölüminiň lukmany Şanur Rejepow, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri inistitutynyň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdüri, “Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy Aýgül Gurbanowa dagylar gatnaşdylar. Gepleşigi Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedow alyp bardy.

Paýlaş

26/06/2026

Brifing duşuşygy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244