Binýady berkden Watan

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 5-nji iýulda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýär. Bu günki gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlisden ugur alyp «Binýady berkden Watan» atly gepleşiginde, ýerine ýetiriljek işler dogrusynda söhbetdeşlik guraldy. Onda çykyş edenler ahalteke bedewleri parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň aýdyň nyşanyna öwrülýändigi barada, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaýbaňlandyrylan sergide amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri dogrusynda nygtadylar. Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi.

Paýlaş

29/06/2026

Söhbetdeşlik

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş

26/06/2026

Brifing duşuşygy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244