Söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Watan Mukaddesligi muzeýiniň hünärmenleri Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň Prezidiumynda eden çykyşlary hem-de Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem onuň dowamynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler barada nygtaldy. Çykyşlar «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.