Brifing duşuşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahaty, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Bagtyýarlyk etrap kazyýeti, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komiteti hem-de TMYG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde “Garașsyzlygyň Berkarar ýoly: Halk Maslahaty we täze ösüş belentlikleri” şygary bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini giňden düşündirmek, șeýle hem onuň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde tegelek stolyň başynda brifing duşuşygy geçirildi. Onda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti dogrusynda çykyşlar edildi. Çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Gepleşik “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

Paýlaş

30/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş  sungaty muzeýiniň hem-

20/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244