Asylly maksatlara eýerip

     Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Onda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny garşylamaga, ony dabaraly toýlamaga görülýän taýýarlyk işleri barada nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň taryhy mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bagly işler dogrusynda söhbet edildi. Çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.

Paýlaş

30/07/2026

Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Şekillendiriş  sungaty muzeýiniň hem-

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244