Sanly ulgamyň mümkinçilikleri
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgamy ösdürmek üçin giň şertleri döredip berýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň internet salgysyna degişli hünärmenler tarapyndan yzygiderli täzelikler girizilýär. Hereket edýän artmuseum.gov.tm internet sahypamyzda ýerleşdirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar astyndaky onlaýn sergisi halk köpçüligine ýetirildi. Bu online sergide özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan Ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýan Behişdi bedewlerimiz türkmenleriň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasy bolan türkmen bedewlerine bagyşlandy. Şeýle hem ikinji online sergimiz bolsa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň eserlerine bagyşlandy hem-de öz işine başlady. Onlaýn sergi muzeýimiz bilen daşary ýurtlaryň belli muzeýleriniň arasynda gatnaşyklarymyzy giňeltmäge, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň biziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da içgin öwrenmäge, türkmen jemgyýetiniň maddy we ruhy baýlyklary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döredýändigi dogrusynda muzeýiň hünärmeni Aýgül Bekmiýewa çykyşynda belledi. Ýazgy «Türkmenistan»
teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi.