Çalsana, bagşy!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli mirasymyza goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurnady. Sergide türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz goýan halypalaryň portret žanrynda ýerinde ýetirilen eserleri sergä gelen myhmanlarda has hem uly täsir galdyrdy. Milli medeniýetiň ösdürilmegi, baý milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljekki nesillere ýetirilmek ugrunda uly işler durmuşa geçirmek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.