Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet

Häzirki döwürde Türkmenistan durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasat halkymyzyň köpasyrlyk milli häsiýetlerine, ynsanperwer ýörelgelerine we gadymy däp-dessurlaryna daýanýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlikde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly ýubileýi mynasybetli, muzeýde alnyp barylýan işler dogrusynda muzeýiň hünärmeni Aýjemal Rahimowa gürrüň berdi. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!  

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244